Bu Siteden Her Türlü Alıntı Yapmak Serbesttir. Sitenin Tüm Hakları "KIBRIS TÜRK MİLLETİNE" Aittir. www.kibris1974.com'un Varlığı Türk Varlığına Armağan Olsun

Sitemizde Reklam Alanlarını Kullanabilmek İçin Mehmetçik Vâkıfına Veya Mücahitler Ve Şehit Aileleri Derneğine Yatırmış Olduğunuz Bağış Makbuzunu [email protected] Adresine İletmeniz Yeterlidir...

Geri git   KIBRIS1974 FORUM " Kibris TÜRK tarihi araştırmaları , Gündem haberleri, KIBRIS da kim kimdir ne nedir , kibris videolari resimleri dökümanları indir" > Türk Kültürleri > Türk Yurtları > Türkmenistan
Kayıt ol Yardım Üye Listesi Ajanda Arama Bugünki Mesajlar Forumları Okundu Kabul Et


Konu Bilgileri
Kısayollar
Konu Basligi
Rus-türkmen göktepe savaşi
Cevaplar
0
Sonraki Konu
sonraki Konu
Rus-türkmen göktepe savaşi Konusunu Görüntüleyenler
 
Görüntüleme
890
Önceki Konu
önceki Konu

Cevapla
 
Seçenekler Stil
Alt 21-01-2009, 02:36 AM   #1
Profil
CANBULAT
-Otağ Hanı-
 
CANBULAT - ait Kullanıcı Resmi (Avatar)
 
Bilgiler
Üyelik tarihi: Mar 2008
Bulunduğu yer: Tanrı Dağları Yaylağım, Orhun Nehri Sulağım
Mesajlar: 4,111
Konular:
Uye No:76

Ettiği Teşekkür: 3200
2269 Mesajına 5780 Kere Teşekkür Edlidi
İlgi Alanları
Extra:
CANBULAT is on a distinguished road
CANBULAT - MSN üzeri Mesaj gönder
Standart Rus-türkmen göktepe savaşi

RUS-TÜRKMEN GÖKTEPE SAVAŞI
Türkmenistan, tarihinde milli egemenliği için Ruslara karşı yaptığı direnişi olan Göktepe savaşı şehitlerini 128. yılında anıyor. Anna Gurban’ın Türkmen Türkçesi‘ndeki makalesi haberin devamında.
Sovyetler Birliği döneminde Rusya, Türkmenlere karşı açtığı savaşı, her ne kadar unutturtmaya unutturtmaya çalışsa da, “Rus Türkmen Göktepe savaşı” Türkmenistan’ın bağımsızlığını kazandığı yıldan itibaren anılmaya başlamıştı. Bu önemli savaş, Türkmenistan, SSCB hakimiyetindeyken hiç anılmamıştı.
1880 ve 1881 yıllarında yapılan Rus- Türkmen savaşı, savaş kahramanları için yaptırılan anıt mezarlık önünde saygı duruşuyla başladı. Ülkenin diğer bölgelerinden de gelen Türkmenlere, anma töreninde, vatan ve devlet için akıtılan kan ve mücadele anlatıldı. Türkmen halkı da konuşmalar sonrasında, savaş kahraman şehitler için dua etti.
Göktepe, başkent Aşkabat’a 50 kilometre uzaklıkta bulunuyor.
1881 yılında Ruslara karşı Göktepe’de efsanevi bir direnişin altına imza atan Türkmen askerleri 1881

Rus General Mikail Skobelev tarafından başlatılan savaşta Rus ordusunun modern imkanlarla donatılması karşısında henüz ateşli silahları bile olmayan Türkmenler çok can kaybına uğramıştı. Göktepe savaşında Türkmenler yaklaşık 6 bin 500 asker, 28 bin kadın, çocuk ve ihtiyar vatandaşını kaybetmişti. Savaşta, çok sayıda Türkmen önderi de hayatını kaybetmişti.
Türkmenistan tarihinde özel yeri bulunan Göktepe mücadelesi, göçmen ve bağımsız boylar halinde yaşayan Türkmenler için yeni bir başlangıç olmuştu.
ANNA GURBAN’IN TÜRKMENCE MAKALESİ:
Ölüp ýeñenler
Gökdepe urşunyñ 127 ýyllygyna

Tas 110 ýyllap inkär edilenem bolsa, 1881-nji ýylyñ 12-nji ýanwary türkmen taryhyna bir tarapdan erkin türkmençiligiñ gutaran güni, ikinji tarapdan basybalyjylara garşy gahrymanlarça göreşilen güni hökmünde girdi. Şol gün, galanyñ düýbi partladylan ýerde azyndan 700 adamyñ ölendigi aýdylýar. Gala ýarylandan soñ rus goşunlary aýgytly hüjüme geçipdirler we öz ýurduny goran ilaty birujundan gyryp başlapdyrlar. Aljyran adamlar guma tarap gaçyp başlanda, ätiýaçda duran toply-ýaragly otrýadyñ başynda duran Skobelewiñ özi kowga ýolbaşçylyk edipdir. Ýazyjy Nargylyç Hojageldiýewiñ ýazmagyna görä, şonda bosgunlaryñ yzyndan pyýada goşun 10 wýorste çenli, atly goşun bolsa 15 wýorste çenli kowalap gidipdir. Olar bosgunlaryñ iñ gür ýerlerini topa tutupdyrlar. Türkmenleriñ gaçyp barýan ýoly çaga, aýal-erkek jesedinden dolupdyr. Kowguçylar diñe mazaly garañky düşüp, bosgunlaryñ hatarlary mazaly seýrekländen soñ yzlaryna dolanypdyrlar. Galanyñ 12-den 20 minut işlände, günortan partladylanyny göz öñünde tutsañ, gaçyp barýan ýaragsyz ilatyñ näçe sagatlap gyrgyna berlenini hasaplamak kyn däl. Rus harby işgärleriniñ özleri, Kuropatkin, Maslow, Wereşagin ýaly bu gyrgynçylyk barada ýazgy galdyran adamlar türkmenleriñ aýal, çaga diýmän gyrlandygyny tassyklaýarlar. Grodekowyñ ýazmagyna görä, Skobelew Gökdepede şeýle gyrgynçykyk etmegi entek Peterburgdaka ýüregine düwüpdir.

1881-nji ýylyñ 20-nji fewralynda Skobelewiñ hut öz eli bilen ýazmagyna görä, bosgunlaryñ yzyndan kowlanda çagadyr aýal-erkek 8 müñ adam gyrlypdyr. Muny beýleki rus harby işgärleriniñ ýatlamalary hem tassyklaýar diýip, Nargylyç Hojageldiýewiñ “Gökdepe galasy” oçerkinde aýdylýar.
1-nji Gökdepe urşunda türkmenler 3 müñ çemesi adam ýitirip, ruslary ýeñen bolsalar, ikinji Gökdepe urşundaky gabaw mahalynda 7 müñ adam ýitiripdirler. Diñe galanyñ alnan güni hem onuñ içinde şonça adam öldürilipdir. Skobelewiñ ekspedision otrýadynyñ baş wraçy O. Geýfelderiñ ýazmagyna görä, gala alnanda onuñ içinde 7 müñ jeset bar ekeni. Ol ýene şonçarak jesediñ galanyñ diwarlarynyñ düýbünde çala ýere duwlanandygyny ýazypdyr.
Galanyñ ilaty urşuñ soñky gñnlerinde hatda ölülerini jaýlamaga-da ýetişmändirler. Grodekow bilen Kuropatkin käbir öýlerden jaýlanmadyk 10-15 jeset tapandyklaryny ýazypdyrlar. Türkmenleriñ özleri gabaw döwründe hem galanyñ alnan güni öldürilen adamlaryñ sanyny 20 müñ hasaplapdyrlar. Wepat bolanlaryñ arasynda Hanmämmet atalyk, Orazmämmet han, Dykma serdaryñ ogly Akberdi han dagy hem bar eken.
Gala ýykylan güni 3 müñden gowrak aýal-gyz ýesir alnypdyr. Olary gaçyp giden adamlar yzlaryna gaýdyp geler ýaly, girew hökmünde saklapdyrlar.
Gökedepe galasyndaky gyrgynçylygyñ näderejede wagşylyk bilen amala aşyrylandygyny gabaw günlerinde galanyñ içine atylan oklaryñ sany-mukdary hem görkezýär. Boýy 600 sažen, ini 360 sažen bolan, içinde 14 müñ çemesi öý, oraça, çatma dikilen, 40 müñdenem köp adam jemlenen kiçijik galanyñ içine 23 güne çeken gabawyñ dowamynda 872 müñ tüpeñ oky, 12.400 top oky atylypdyr. Diñe gala zabt edilen güni 5604 top oky, 224 raketa, pyýada goşun tarapyndan 273 müñ, atly goşun tarapyndan 12.500 ok atylypdyr. N. Hojageldiýew öz taryhy oçerkinde, deñeşdirmek üçin, 900 gün dowam eden Leningrad gabawynda nemes basybalyjylarynyñ şähere 148.478 top okuny atandygyny ýatlaýar.
Gala ýykylandan soñ Skobelw dört günlük talañ yglan edipdir. 12-nji ýanwarda galanyñ eteginde 227 ofiser bilen 6672 soldat jemlenen eken. Rus ofiserleri, aýratynam topçular köp haly talapdyrlarlar. Top okundan boşan gapyrjaklar halydan doldurylypdyr. Altyn-kümüş, şaý-sep, ruslar eline ilen zady talapdyr. Peterburgdan, Moskwadan, Kawkazdan ofiserleriñ aýallary hat ýazyp, ärleriniñ halysyz gelmezlygini talap edipdir. Maslow şol halylaryñ bir çetiniñ 1883-nji ýylda Parjdäki dükanlara baryp ýetendigini ýazypdyr. Grodekow gala alnanda talanan zatlaryñ bahasyny 6.000.000 manat diýyp kesgitläpdir.
Ruslar galadaky jesetleri jaýlamagy 500 sany kürt ýesirine tabşyrypdyrlar. Ýöne olar öli jaýlamagyñ ýerine talañ bilen meşgul bolupdyrlar. Gelin-gyzlaryñ altyn gulakhalkalaryny gulaklary bilen kesip, barmaklaryndaky kökenli ýüzüklerini barmaklary, goşarlaryndaky bilezikleri gollary bilen çapyp alypdyrlar. Özüniñkiden hem beter wagşylygy gören Skobelew ahyry olary gala goýbermegi gadagan edipdir. Gulçulykdan boşan pars ýesirleri ozal tekeler tarapyndan gyrnak edilen gelin-gyzlarymyz diýip, türkmen gelin-gyzlarynyñ iñ gowularyny saýlap-seçip alyp gidipdirler.
Käbir pikirlere görä, türkmenleriñ topuñ garşysyna gylyç, gyrkylyk bilen çykmagy köre-körlükden, dünýä ýagadaýyny bilmezlikden başga zat däl. Türkmenleriñ ýeñilmeginiñ esasy sebäpleriniñ biri olaryñ dünýäden üzñe galanlygy bilen düşündirilýär. Gökdepe urşunda ýaragyñ ýeñendigi jedelsiz. Munuñ üstesine türkmenler duşmanyñ peýdasyna bolan ullakan ýalñyşlyklara hem ýol beripdirler. Halk, millet hökmünde ýaşamak isleýän bolsak, bu barada aýratyn, berk gürrüñ edilmeli. Mysal üçin, Hanmämmet atalyk bilen Orazmämmet han uruş baradaky maslahatda güýçleriñ deñ däldigini, türkmenleriñ ýaragynyñ ýokdugyny düşündirjek bolupdyrlar. Ýöne olaryñ ruslar bilen gepleşik geçirmek, maşgalalary guma göçürmek hem eger gepleşikler başa barmasa, urşy kiçijik toparlara bölünip alyp barmak ýaly degerli teklipleri ret edilipdir. Olar galanyñ salynmagy hem ilatyñ bir ýere ýygnalmagy duşmanyñ işini añsatlaşdyrar diýipdirler. Emma maslahata ýygnanlaryñ köplügi bu pikire garşy bolupdyr.
Gala ýygnanyp uruşmagyñ tarapdarlary “ruslar yslamyñ duşmany, türkmenler öz ýurduny tükeniksiz gandöküşikler bilen juda gymmat satyn aldy, daş-töwerek açyk hem gizlin duşmandan doly, bu ýerden başga gidere ýer ýok, galanyñ içinde ýurt gorap ölmeli, ýöne özümize agyzdyryk saldyrmaly däl” diýen delilleri öñe sürüpdirler. Olar urşa garşy çykýanlary gorkaklar, ikirjiñlenýän nalajedeýinler, ýurda hem yslama dönüklik edýänler hökmünde görkezmäge çalşypdyrlar. Uruşmagyñ tarapdarlarynyñ iñ esasy we güýçli delilleri ýurduñ özbaşdaklygyny, türkmenleriñ erkinligini gorap saklamak bolupdyr. “Eger biz gaýduwsyzlyk bilen pugta dursak, öñki gezeklerde bolşy ýaly, ruslar bu gezegem yzlaryna gaýdarlar, eger gepleşiklere başlasak, gowşaklyk etsek, ýaýdansak, onda ruslar hemişelik galarlar hem bizi bar zatdan mahrum ederler, şonda biz näderis?” diýip, uruşmagyñ tarapdalary sorapdyrlar.
Maşgalalary gala ýygnamak pikiriniñ añyrsynda eger şeýdilmese, türkmenler uruşmaz diýen gorky bolupdyr. “Goý, maşgalalarymyz hem biziñ bilen bile heläk bolsunlar, barybir olar bizden soñ olja bolarlar. Raýat bolmagyñ nämedigini biz bu gün görmeli däl. Hatda dinibir halkdan hem onuñ hökümdaryndan (Horezm) sütemden, paç-hyraçdyr kemsidilmekden başga gören zadymyz ýok…” diýip, urşuñ tarapdarlary ruslaryñ kawkazlylary gyrgyna berendigini mysal getiripdirler.
Hanmämmet atalyk özüniñ ruslary halamaýandygyny, olaryñ kimdigini Hywada görendigini, sebäbi ruslar bilen hywalylaryñ urşuna gatnaşandygyny, özüniñ watana-da, dini ygtykada-da garşylygynyñ ýokdugyny, ýöne halkyñ, maşgalalaryñ ykbalyna nebsiniñ agyrýandygyny aýdypdyr.
Türkmenleriñ uruş baradaky maslahatynda sagdyn pikirlenip bilýän hem öz pikirini açyk aýtmakdan çekinmedik ýene bir adam Orazmämmet han bolupdyr. “Ýurtlar hem halklar kasam bilen däl-de, top bilen, tüpeñ bilen goranýarlar. Kasam, ant, soñam lebziñden dänmek ýurdy saklaman, gaýta weýran edýär… Eger siz bu gün öz guran toprak galañyz bilen ruslara garşy durmak isleýän bolsañyz, bu siziñ ýer ýüzünde galdyran iñ soñky keşdäñiz bolar. Ejiz towşan tüýräk bolsa ýagşy. Doñzuñ arkasyny tüýüniñ tersine däl-de, ugruna sypanyñ ýagşy. Eger bu añkasy aşan mähelläniñ, aklyny aldyran adamlaryñ gepine gitsek, biz ähli emlägimizem, özümizem heläk ederis. Men bu kasamyñyzy kabul etmeýärin, sizi-de beýle etmekden saklanmaga çagyrýaryn” diýip, Orazmämmet han watany kasam bilen goramak pikirine üzül-kesil garşy çykypdyr. Ýöne onuñ bu sözleri diñlenmändir. Tersine, Orazmämmet han bilen Hanmämmet atalygy dinden dönmekde, ruslara satylmakda aýyplapdyrlar we maslahat biragyzdan uruşmaly diýen netijä gelipdir. Şol ýeriñ özünde öz obalaryny hem tirelerini bulaýan aýry-aýry aksakgallary, olaryñ obasyny talamaly, ruslar bilen gatnaşyk saklaýan Dykma serdaryñ obasy Börmäni talap, ondaky maşgalalary Gökdepä göçürip getirmeli edýärler. Çulba baýyñ öýüni ýumurmaly, Köşi obasyny weýran etmeli diýen karara gelinýär. Netijede, müñ atlydan ybarat ýörite topar Börme obasyny talandan soñ ikirjiñlenýänleriñ hemmesi gala jemlenip başlaýar. Şu wakalardan soñ ähli halk bolup kasam etmek baradaky mesele öz-özünden çözülýär we märeke ilki bolup Orazmämmet han bilen Hanmämmet atalygyñ kasam etmegini talap edýär.
“Sen bir akmak halk ekeniñ. Özümiñ akmak bolanym üçin däl-de, seniñ akmak bolanyñ üçin men şu kasamy kabul edýärin, şu ýerde-de ölerin. Özüñe abatlyk islemeýän bolsañ, senem ölmegi başar” diýip, Orazmämmet han kasam kabul edende aýdypdyr.
Hanmämmet atalyk bolsa, Gurhanyñ gapdalyndan geçende, ýagny kasam içende “Men size Atalygyñ namart däldigini subut ederin. Dinden çykan biz däldiris, dinden çykan akmak halky nähak ýola iterýän adamlardyr” diýipdir.
Meger, Gökdepe urşundan alynmaly sapakalryñ iñ ulusy Orazmmämmet han bilen Hanmämmet atalygyñ köre-kör köplüge, häzirki zaman dili bilen aýdylanda, halkyñ aglaba köplüginiñ kararyna boýun edilmegidir. Taryhyñ görkezişi ýaly, köplük hemişe mamla bolmaýar, belki-de käte köpçülige uýmak ullakan heläkçiligiñ üstünden eltýär. Ýöne bu ýerde köplügiñ käbir adamlar, belki-de ussat demamgoglar tarapyndan oýnalýandygyny hem unutmaly däl…
Gökdepe urşy barada aýdylýan tankydy pikirleriñ arasynda uruş taktikasyndan bihabar din wekilleriniñ öz köre-körlükleri bilen halky añsatja gyrgyna berendigi baradaky pikirem galman geýlär. Muña delil edip, Gurhandan kasam edip uruşmaly diýen karara gelnende Kerimberdi işanyñ oýnan roluny, soñ, ikinji Gökdepe urşunda, 7-nji ýanwarda Gurbanmyrat işanyñ oýnan roluny ýatlaýarlar. Mysal üçin, Skobelew podpolkownik Ýomudskini üç adam bilen üstlerine iberip, “uruşmak isleýän bolsañyz, aýallaryñyzy hem çagalaryñyzy bir galadan çykaryñ” diýip teklip edende, Gurbanmyrat işan ruslar aýýalary hem çagalary ýesir aljak bolýr diýen pikiri öñe sürüpdir…
Ikinji tarapdan, Gökdebe urşunda halk gahrymançylygynyñ çägi ýok. Mysal üçin, birinji Gökdepe urşunda, 1879-njy ýylyñ 28-nji awgustynda ruslar galanyñ demirgazyk-günbatar tarapyndan hüjüme geçipdirler. Şol söweşe ruslar tarapyndan 3024 adam gatnaşypdyr. Ýöne olara galany almak başartmandyr. Şol gün ruslar 453 adam ýitiripdirler. Türkmenler 600 berdanka olja alypdyrlar. Gökdepe taryhyny rus arhiwlerine gidip öwrenen Nargylyç Hojageldiýewiñ pikirine görä, olja alnan ýaraglaryñ öldürilen ruslaryñ sanyndan köp bolmagy ýa ölenleriñ sanynyñ azaldylyp görkezilendigini, ýa-da ruslaryñ gorkup, ýaragyny taşlap gaçanlarynyñ hem az bolmandygyny añladýar. Şol söweşden soñ ruslar yzyna gidýar.
Türkmenleriñ gaýduwsyz watançylygy rus goşunlaryny az gorkuzmandyr. Olaryñ ikinji Gökdepe urşunda galadan bosan ýaragsyz adamlary çaga-çuga, aýal-ebtat diýmän gyrmagynyñ añyrsynda hem şu gorky bar bolsa gerek. Elbetde, bu ýerde garşydaşyñ batyrlygy, edermenligi, ýaragsyz, ejiz halyna-da duşmandan gorkmazlygy, onuñ öñünde ýaýaplamazlygy ruslaryñ öz pidalaryna ýigrenjini ýetjek derejesine ýetiripdir. Şu nukdaý nazardan seredilende, ruslar uly bir döwletiñ goşuny bolup, az sanly ýaragsyz adamy gyrgyna bermek bilen, “ýeñip ýeñilipdirler”, ýagny özleriniñ ejizliklerini öz ganly işleri bilen taryhyñ gatyna ýazypdyrlar.
Türkmenler dünýeden bihabar hem bolsalar, basybalyjy goşunyñ garşysyna jan aýaman, gahrymanlarça göreşipdirler we ölüpdirler. Käbir pikirlere görä türkmenleriñ şonda “ölüp, öldürilip ýeñmekden” başga çäresi bolmandyr. Şu-da türkmenleriñ ýene bir gezek halk, millet hökmünde ykrar edilmeginiñ esaslaryny goýupdyr.
“Ölüp, öldürilip ýeñmek” diýlende Gara batyryñ edermenligi hakydaña gelýär. Seýitmyrat Owezbaýewiñ Gökdepe urşuna gatnaşan türkmeniñ gürrüñleri esasynda ýazan “Gönübek” makalasynda şeýle waka beýan edilipdir.
“Ajal kastyña çyksa, nirde bolsañam tapar. Ajalyñ ýetmese, her ýerde bolsañam, her hili ýagdaýa düşseñem aman galarsyñ. Hudaý öz amanadyny diñe gerek wagty alar, bu diñe onuñ islegine baglydyr” diýip, goja mergenleriñ biri aýdýar. Gara batyr oña şeýle sorag berýär:
“Eger men onuñ amanadyny eltip öñünde goýsam, ol almazmy?”
Mergen oña: “Beýdip bilmersiñ, bu adamyñ elindäki zat däldir” diýýär.
“Ine şu gün, hut häziriñ özünde men oña amanadymy gowşuraryn. Ol islese-de bererin, islemese-de.” Gara batyr şeý diýip, atyna atlanyp, naýzasyny ýapyrybrak tutupdyr-da, galanyñ daşyndaky atly kazaklaryñ üstüne at salypdyr. Ruslar garymlarynda ýatan ýerlerinden ony oka tutupdurlar. Gara batyr nämäniñ-nämedigine düşünmän topar tutup duran atly kazaklaryñ ýanyna atyny ýüzin salyp barypdyr-da, bada-bat olaryñ ikisini atdan agdarypdyr. Uzakdan Gara batyryñ hemme hereketini aç-açan synlamak başartmandyr, ýöne duşmanyñ başyna düşen başagaýlyk gaty uly bolupdyr. Birnäçe kazak atdan agdarylypdyr, birnäçesi bolsa atyny gamça basyp, gaçyp gutulypdyr. Gara batyr gala tarap yzyna dolananda, onuñ yzyndan ok ýagdyrypdylar. Ol atyny peýwagtyna öñürdigine goýberip, gürrüñleşip bolar ýaly aralyga gelipdir-de, atdan agypdyr. Duşman oky ony degen badyna öldüripdir…
Türkmenistanyñ Orsýete birikdirilmeginiñ progressiw ähmiýeti hakynda ýazýanlar ozaly türkmenleriñ dürli tarapdan çapylyp, talanyp durmakdan dynandygyny, soñy bilen bolşewikleriñ saýasynda sowatly, akademiýaly hem teatrly, özbaşyna döwletli bolandygyny aýdýarlar. Bu dogry. Ýöne bu basybalyjylaryñ türkmeni okuwly-bilimli, özbaşyna döwletli etmek islegi bilen bolan zat däl-de, eýsem wagtyñ, zamananyñ emri, umumy adamzat jemgyýetiniñ ösüşi, kolonial syýasatyñ ýuwaş-ýuwaşdan möwritini ötürmegi bilen baglydy. Ikinji tarapdan, Gökdepe urşundan soñ türkmenleriñ öñki azat durmuşyny ýitirendgini, kolonial, bakna halka öwrülendigini we şol baknalagyñ milletiñ añ-düşünjesinde agyr yz galdyrandygyny, türkmenleriñ sowet ýyllarynda özüni öz ýurdunyñ eýesi diýip bilmändigini, tersine, öz watanynda keseki, gelmişek ýaly, ruslardan gypjyn-gypjyn bolup, gorkuda ýaşandygyny, erksizligiñ, gorkynyñ 1991-nji ýylda formal taýdan garaşsyz bolnandan soñ hem dowam edýändigini görmezlige salmak bolmaz. Munuñ sebäpleri, ozaly, añ-düşünjä salnan gandallarda ýatyr.
Patşa Russiýasynyñ baknalyga salan halklaryny nemes Hitlerçi faşistler bilen urşa iteklän Stalinçi Kompartiýa Ikinji jahan urşuny Beýik Watançylyk urşy diýip atlandyryp, german goşunlarynyñ görlüp-eşidilmedik adamhorlygy, Gyzyl Goşunuñ esgerleriniñ deñsiz-taýsyz gahrymançylygy hakynda ýüzlerçe kitap çykardan, sahna, žiwopis eserlerini döretdiren bolsa, Gökdepe urşy hakynda, ol uruşda rus goşunlarynyñ ýaragsyz halky gyrgyna berşi hakynda Türkmenistanda Seýitmyrat Owezbaýeviñ 1926-njy ýylda Türkmenevedeniýe jurnalynda çykan “Gönübek” oçerkinden başga suwytly bir zat çap edilmedi. Oña derek, Türkmenistanyñ Orsýete meýletin birigenligi wagyz edildi. Bu wagyz bir tarapdan Grodekowyñ “ýer togalagynyñ ýüzündäki gara tegmil, adamzat üçin masgaraçylyk” atlandyran türkmenleriniñ nesilleriniñ “beýnisini ýuwmaga”, olary öz ata-babalaryna garşy goýmaga gönükdirilen bolsa, ikinji tarapdan sowet gulçulygyny berkarar etmek üçin zerurdy. Munuñ üçin türkmenlere öz taryhyny unutdyrmak gerekdi. Olar öz ata-babalarynyñ sowatsyz hem nadan bolandygyna, ruslar bolmadyk bolsa, öz-özlerinden ölüp-ýitip gitjeklerine ynanmalydy. Dogrusy, bu rus basybalyjylaryna köp derejede başartdy hem. Sebäbi patşa Russiýasynyñ kolonial syýasaty soñ Bolşewikler, kommunistler tarapyndan hem dowam etdirildi we baknalyk prosesi başga bir görnüşde, leninçilik “milli syýasat” esasynda has çuñlaşdyrylmaga çalşyldy.
Aslynda, Gökdepe ýykylyp, erkin türkmeniçilikden baknalyga geçirilenlerinden soñ, türkmenleriñ adalata, hakykata, haýryñ şerden üstün çykjagyna bolan ynsan ynançlary kem-kemden azalýar. Adamlar özlerine-de, bir-birlerine-de ynanman başlaýarlar, diñe özüñi bilmek, öz günüñi görjek bolmak, gapdalyñdaky adalatsyzlyga göz ýummak ýaly ýaramazlyklar köpelýär. Öñki ynançlaryñ ýerine gara güýje, basybalyjynyñ hökmürowanlygyna boýun bolmak, şol güýjüñ hak diýenini hak, nähak diýenini nähak bilmek gelýär. Olaryñ durmuşyndaky öñki kada-kanunlar, adam gatnaşyklaryndaky dogry-dürs hem synagdan geçen ýörelgeler, çelgiler üýtgäýär, lebizlilik, mertlik, birsözlülik, ejizi goldamak, çynyñ tarapyny tutmak, ýalana ýalan diýip bilmek durmuş hakykatyna däl-de, erteki hakykatyna öwrülip başlaýar…
Elbetde, birleri durmuşyñ täze sapaklaryny haýal, kynlyk bilen özleşdirse, başga birleri ony tiz özleşdirýärler hem basybalyjynyñ ýanynda ýüzli, abraýly adama öwrülmäge çalyşýarlar. Şeýdip duşmanyna-da ýalan sözlemedik türkmende ýalançylyk, ýaranjañlyk ýaly pes gylyklar, ikiýüzlülik köpelýär. Basmaçylyk hereketi, halk gozgalañlary, Jüneýit hanyñ, Eziz hanyñ göreşleri türkmenleriñ ilki patşa Russiýasy, soñ Bolşewikler tarapyndan ýöredilen kolonial syýasata meýletinlik bilen boýun egmändiklerini, öz erkana durmuşlaryny goramaga, türkmençiligi saklamaga çalşandyklaryny görkezýär. Galyberse, Bolşewikleriñ öz okadyp ýetişdiren milli kadrlarynyñ hem bir toparynyñ ýüreginde watançylyk bolupdyr, olar halky okatmak, öñe äkitmek ugrunda hereket edipdirler. Hatda Artykgul Tekinskaýa ýaly doly rus terbiýeseini alan ýesir türkmenlerde hem watançylyk duýgulary güýçli bolupdyr. Türkmen döwletliligini berkitmek, türkmen dili, edebiýaty, medeniýeti babatda edilen işlerde hem şu watançylygy görse bolýar. Ýöne zorlukly kollektiwleşdirme, adamlaryñ ýerinden-emläginden aýrylmagy, Stalin döwrüniñ arassalaýyşlary, gyradeñlik propagandasy, Moskwanyñ pagta palanlary hem etjegini edýär. Meniñ pikirimçe, türkmeniñ millet, halk hökmündäki şu günki kynçylyklarynyñ añyrsynda bir tarapdan Gazawat, Gökdepe gyrgynçylyklary, halk gozgalañlarynyñ basmaçylyk hökmünde basylyp ýatyrylmagy, baý-kulak diýip, halkyñ içindäki pikirlenip bilýän adamlaryñ köpçülikleýin ýok edilmegi ýatan bolsa, ikinji tarapdan sowet sistemasynyñ döreden ýaman gylyklary, adamy adam sypatyndan aýyrýan açgöz häsiýetleri ýatyr. Aýdaly, biz sowet döwründe halkymyz sowatly, bilimli boldy diýýäris. Dogry, türkmende okap-ýazyp bilýän köpeldi, ýokary okuw jaýynyñ diplomyny alan milli kadrlar hem kän. Garaşsyzlyk ýyllary bilen deñeşdirilende, 1970-1980-nji ýyllarda Türkmenistan saglygy saklaýyş, magaryf babatda ösýän respublikady. Ýöne biz şol döwür mekdep okuwçylarynyñ ençeme aýlap gowaça meýdanyn sürlendigini, ýokary okuw jaýlarynyñ diplomlarynyñ gaty köpüsiniñ tanyşlyk, para-peşgeş bilen alnandygyny hem boýun almaly. Muny hemmeler bilýärdi, emma bu barada aýdylmaýardy. Şeýdip türkmende dilde bir zat diýip, ýürekde başga zat saklamak kada öwrüldi. Berim-peşgeşçilik, parahorluk durmuş-ýaşaýşyñ aýrylmaz bir bölegine, belki-de sütünine aýlandy. Gepiñ gerdişine aýtsam, bir ýazyjy daýym ýogaldy, ili çürkäp tütjar bolupdy, hiç kim jaýlamaga gelmez diýip gyssanyp gitdim, barsam adamdan ýer ýok, geñ galdym gürrüñ beripdi. Halkyñ egriligiñ, ogrulygyñ, ýalanyñ öñünde dyza çökenini sen görmedik bolup bilersiñ, inkär edip bilersiñ, ýöne gyzza-gyzza gelende şol “sütün” seni büdredip ýykar, mañlaýyñy ýarar… Adamlar ýokardan aşak, aşakdan ýokaryk korrumpirlenen, bozulan jemgyýetiñ içinde çäresizdir, ejizdir, barara gapy, ýaplanara direg ýokdur, onsoñ ol ýa bilip, ýa bilmän, şol çüýrük jemgyýete gulluk etmäge başlar. Käbirleri bu meseläni göreşip, ýokaryk arz edip, ýazyp çözjek boldy, emma köpler onuñ bilen sessis şertnama baglaşdy. Onsoñ birwagt top-tüpeñli duşmanyñ öñünden gylyçly çykan, bakna bolandan maşgalasy bilen gyrylmagy dogry tapan türkmeniñ içinde adam satmak, KGB-ä agent-şugulçy bolmak dereje boldy, görnetin ýalan, töhmetçilik, güýçlä ýaýaplamak, ejize ganymlyk adata öwrüldi. Kolonial ýazyjy halk ýazyjysy diýen at-derejäni almak ugrunda göreşdi, kolonial syýasatçy halk gahrymany hökmünde taryha girmek isledi. Kolonial diplomat özüni diktaturanyñ garşysyna mert durup göreşen hasaplady. Ýöne ol Staliniñ adamhorlugyna, kolonial syýasatyñ öz halkyny nähili agyr güne salandygyna ýa düşünmeýärdi, ýa düşünmek islemeýärdi. Dogrusy, muña düşünmek onuñ üçin amatsyzdy. Ol gaty çuña gidipdi. Taryhdaky gyrgynçylyklary, faktlaryñ ýoýluşyny görmedik bolmak, bolýan tersliklere düşünmedik bolmak añsatdy. Görseñ, düşünseñ, olara garşy durmalydy. Garşy duranlaryñ nähili güne düşeni ne ýasyjynyñ, ne syýasatçynyñ, ne-de diplomatyñ ýadyndan çykar ýaly bolupdy. Onsoñ ol içinden özüni aklamalydy, malym, emlägim ýok, işden kowulsam nirä gideýin, çagalary kim eklesin? Bu dogrudy. Ony öz söýgüli partiýasy şeýle duzaga düşüripdi…
Gökdepe urşundan gaýdýan añ gulçulygy barada gürrüñ edilende, sowet metbugaty hakynda hem iki agyz aýtmazlyk sylagsyzlyk bolar. Bu metbugatdan adamlar nadaralygy, öweniñi öküz, syndyranyñy doñuz etmegi öwrendiler. Kolonial syýasatçynyñ, kolonial ýazyjynyñ, kolonial diplomatyñ pikirine görä, metbugat propaganda guraly, söweş meýdany we ondan garşydaşy nyşana almaly, wejera etmeli, ýeñiş seniñ näderejede ussat demagoglygyña bagly. Bu “eziz babamyz” Leninden gaýdýardy. Ol Stalinde aýylganç derejä ýetipdi. Gynançly ýeri, şindi hem dowam edýär, añda, üşükde, post-sowet mentalitetinde dowam edýar. Bu mentalitetden dynmak üçin ozaly ruhnamaçylykdan dynmaly, sebäbi ol kolonial syýasatyñ dowamy, türkmeni yzagalaklyga, baknalyga itekleýär. Eger ruhnamaçylyk dowam etse, türkmen topragy çig mal bazasy bolmakdan hiç wagt çykmaz…
Gökdepe gahrymanlarynyñ, türkmen topragyny ganym duşmandan gorap ölen ähli gerçekleriñ ruhunyñ öñünde biziñ il-ýurt diýýän adamlarymyzyñ etmeli bir işi bar, olar ili okatjak bolmaly, kolonial syýasatdan, beýni ýuwmalardan, ýalan propagandadan halas etjek bolmaly. Munuñ üçin häzir interneti gowy ulanyp boljak. Belki, Türkmenistanda häkimiýetler internet baradaky wadalarynyñ yzynda durarlar. Şonda, eger türkmen intellektuallary işleseler, George Orwell, Robert Qonquest, Anne Applebaum, Hugh Pope ýaly awtorlaryñ, diktatura, sowet türmleri, türki halklar hakdaky işlerini, dünýä klassyklarynyñ, filosoflarynyñ eserlerini türkmenler öz dilinde okar ýaly edip bilerdiler. Umuman, soñky 16 ýylda türkmenler okuw, bilim, düşünje babatda gaty pese, ýagny “Ruhnama” derejesine çenli aşak gaçdylar. Bu çukurdan çykmak üçin prezidentleriñ çalyşmagy ýeterlik bolmaz, añ-düşünjäniñ çalyşmagy gerek. Añ-düşünjäniñ çalyşmagy üçin bolsa, şu gün, gahryman türkmenleriñ hatyra gününde bir durup, oturyp oýlanyp görmek gerek. Biz näme işleýäris, wagtymyzy nämä sarp edýäris? Türkmen ilki patşa Russiýasyna, soñ Kommunistik partiýa garaşly bolan bolsa, indi Gazproma garaşly. Bu ajy hakykat bilen biz Gökdepe urşunyñ 127-nji ýyl dönüminde hem ýüzbe-ýüz durus. Bu ýene näçe onýyllyk dowam eder?.. Türkmen topragy üçin baş goýan gahrymanlaryñ ruhy bu uzaga çekmeden ynjamazmy!?
Ölüp ýeñen gahrymanlar öz işlerini etdiler, olaryñ ýatan ýerleri ýagty bolsun. Nobat bizden, dirilerden!
(Makala taýýarlananda N. Hojageldiýewiñ, S. Öwezbaýewiñ toplan taryhy maglumatlaryndan peýdalanyldy.) Praga, 11-nji ýanwar, 2008.
www.annagurban.com
__________________
Signatürü

ŞEREFSİZ VATAN HAİNLERİ AYAĞINIZI DENK ALIN !!!
KÜRDÜN MARKA OLDUĞU YERDE FİYATI BİZ KOYARIZ...
CANBULAT isimli Üye şimdilik offline konumundadır   Alıntı ile Cevapla
Cevapla

Rus-türkmen göktepe savaşi

Şu an bu konuyu KIBRIS FORUM içerisinde toplam 1 Üye okuyor. (0 Kayıtlı üye ve 1 Misafir)
 
Seçenekler
Stil

KIBRIS Forumda şu an Sistem size Rus-türkmen göktepe savaşi konusunu gösteriyor.Bu konu forum içerisinde 890 kez görüntülenmiş. Rus-türkmen göktepe savaşi Bu konu hakkında google araması yapmak istiyorsanız Rus-türkmen göktepe savaşi tıklayınız
Yetkileriniz
Konu Acma Yetkiniz Yok
Cevap Yazma Yetkiniz Yok
Eklenti Yükleme Yetkiniz Yok
Mesajınızı Değiştirme Yetkiniz Yok

BB code is Açık
Smileler Açık
[IMG] Kodları Açık
HTML-Kodu Kapalı

Hizli Erisim





Powered by vBulletin® Version 3.8.5
Copyright ©2000 - 2022, Jelsoft Enterprises Ltd.
Kibris 1974 yabancı dizi izle
KIBRIS , Türkmenistan Rus-türkmen göktepe savaşi